HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri işewürlik seljermesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrylýar

Aprel 03, 2024 | 09:28 |7697
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de hususy bilermenleri işewürlik seljermesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre “Maslahat beriş işewürligiňizi ösdüriň” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de hususy bilermenleri işewürlik seljermesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre “Maslahat beriş işewürligiňizi ösdüriň” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär.
Çeşme: mostpp.ru

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de hususy bilermenleri işewürlik seljermesi boýunça okuw maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu çäre “Maslahat beriş işewürligiňizi ösdüriň” taslamasynyň çäklerinde geçirilýär we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Bu okuw maslahaty maslahat beriş taslamasyna başlamazdan ozal, işewürligi seljermegiň aýratynlyklary bilen tanyşdyrar, müşderi bilen gatnaşyklary dogry ýola goýmaga, şeýle hem seljerme geçirmek we müşderä maslahat bermek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge ýardam berer.

Okuw maslahaty offlaýn görnüşinde geçirilip, özünde nazaryýet we tejribe sapaklaryny jemleýär. Hususan-da, oňa gatnaşyjylar öz amala aşyrýan hyzmatlary boýunça işewürlik seljermesini geçirmegiň anyk düzgünlerini we şablonlaryny döretmegiň üstünde işlärler.

Okuw maslahatyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň güwänamalary gowşurylar.

Maslahata gatnaşmaga dalaşgärler bäsdeşlik esasynda kabul edilýär. Oňa gatnaşmak üçin ýüz tutmany, rezýumeni we kompaniýanyň profaýlyny 2024-nji ýylyň 12-nji apreline çenli ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ibermeli.

Okuw maslahatyny Belgiýadaky guramaçylyk we sosial ösüş halkara institutynda bilim alan işewür-maslahatçy Wladimir Çernýawskiý geçirer. Soňky 25 ýylda ol dürli ulgamlarda, şol sanda strategik dolandyryş, guramaçylyk ösüşi, taslamalary dolandyrmak tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, prosesleri dolandyrmak, işgärleri dolandyrmak ýaly ulgamlarda 100-den gowrak maslahat beriş taslamalaryny durmuşa geçirdi.

Goşmaça maglumatlary almak üçin (+99363) 296894 telefon belgä ýa-da ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026