HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» we Royal IHC kompaniýasy Türkmenistanda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň bilelikde gurulmagy barada ylalaşdylar

Mart 30, 2024 | 12:45 |10144
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna eden iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna eden iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.
Çeşme: tmrl.gov.tm

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary Niderlandlar Patyşalygyna eden iş saparynyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyş işlerinde we deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini gurmak boýunça dünýä lideri bolan Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyk geçirdi.

Duşuşyk Sledreht şäherindäki Royal IHC kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda geçirildi. Duşuşygyň çäginde «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň» Baş direktorynyň orunbasary kompaniýanyň ýolbaşçylaryna Balkan zawodyň kuwwatlylygy, tehniki mümkinçilikleri, gämi abatlamakda tejribesi we ilkinji gury ýük gämileriniň gurluşygynyň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň çäginde Balkan zawodyň teklibine aýratyn üns berilip, esasanam lokalizasiýa we Türkmenistanyň çäginde deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisini bilelikde gurmak we Royal IHC kompaniýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gürleşildi.

Duşuşykda türkmen tarapy Balkan zawodynda deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň gurluşygy üçin Royal IHC kompaniýasynyň taslama resminamalaryny ulanmaga gyzyklanma bildirdi. Royal IHC kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem bu başlangyjy höwes bilen goldadylar we bilelikde işlemäge taýýardyklaryny aýtdylar. Taraplar taslamany durmuşa geçirmek üçin tehniki we baha tekliplerini taýýarlamak barada ylalaşdylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda bu kompaniýanyň 90-dan gowrak deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisi ulanylýar. Royal IHC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk diňe bir deňziň düýbüni çuňaldyjy gämisiniň parkyny täzelemäge däl, eýsem ýurduň gämi gurluşyk pudagynda täze ösüş derejesine ýetmäge mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026