HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri we türkmen halylary ýerlenildi

Mart 30, 2024 | 15:03 |8646
Anna güni, 29-njy martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri we türkmen halylary ýerlenildi.Anna güni, 29-njy martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri we türkmen halylary ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

Anna güni, 29-njy martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri we türkmen halylary ýerlenildi.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny we «SN-180» kysymly binýatlyk ýagyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Azerbaýjanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen kompaniýalaryndan nah ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň telekeçileri «TPP D30S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň telekeçileri türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 19 076 807,47 manada we 1 813 974,80 dollara deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026