Türkmenistanyň Prezidenti we Eýranyň daşary işler ministri energetika we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar


Penşenbe güni, 28-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan ikitaraplaýyn türkmen-eýran gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýollaryny ara alnyp maslahatlaşdylar.
Belli bolşy ýaly, Eýran Türkmenistanyň iň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşlaryndan biridir diýmek bilen, döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-eýran toparynyň ähmiýetini belläp, elektrik energiýasy we ulag pudaklarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin anyk çäreleriň ylalaşylandygyny mälim etdi.
Taraplaryň esasy ünsi häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ýangyç we energetika toplumynda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini we usullaryny tapmaga, eksport we tranzit ulgamyndaky gatnaşyklary güýçlendirmäge gönükdirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen duşuşyp ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşar. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, energetika, ulag, üstaşyr geçiş we sebit derejesinde terrorçylyga garşy bilelikdäki göreş ýaly ugurlarda eýran-türkmen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek resmi ýagdaýda geçjek gepleşikleriň gün tertibiniň esasy temasy bolar.
Eýranyň baş diplomaty sapara gaýtmagynyň öňisyrasynda “X”-da: "Men yhlasly daşary syýasata we berk diplomatiýa laýyklykda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek üçin Aşgabat şäherine barýaryn" diýip, habar iberdi.
ORIENT news








