HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaponiýada türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahaty geçirildi

Mart 29, 2024 | 12:05 |10032
27-nji martda Tokioda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň binasynda işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ministrlikleriniň, dolandyryş edaralarynyň, bank düzümleriniň hem-de hususy pudagynyň wekilleri we ýolbaşçylary – türkmen tarapyndan 30, ýapon tarapyndan 100-den gowrak adam gatnaşdy.27-nji martda Tokioda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň binasynda işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ministrlikleriniň, dolandyryş edaralarynyň, bank düzümleriniň hem-de hususy pudagynyň wekilleri we ýolbaşçylary – türkmen tarapyndan 30, ýapon tarapyndan 100-den gowrak adam gatnaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi

27-nji martda Tokioda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň binasynda işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ministrlikleriniň, dolandyryş edaralarynyň, bank düzümleriniň hem-de hususy pudagynyň wekilleri we ýolbaşçylary – türkmen tarapyndan 30, ýapon tarapyndan 100-den gowrak adam gatnaşdy.

Forumyň başynda Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň başlygy Norihiko Isiguro, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat meseleleri boýunça döwlet ministri jenap Rýosukr Kodzuke hem-de bilelikdäki türkmen-ýapon guramasynyň ýerine ýetiriji müdiri Masumi Hara çykyş etdiler. Olar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklara oňyn baha berdiler we ýapon kompaniýalarynyň yzygiderli ösýän türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Türkmen tarapy öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary, nebitgaz we nebithimiýa, himiýa we dokma, azyk senagaty, energetika, oba hojalygy, ulag we logistika, maliýe we bank pudaklaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda wekilhanasyny we Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Türkmen-ýapon işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin işewürlik maslahatlaryny, sergileri we işewürlik saparlaryny guramak teklip edildi.

Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar, senagat zolaklary we kärhanalar bilen tanyşmaga, şeýle hem işewür toparlary bilen duşuşyklary guramaga mümkinçilik döreder.

Forumyň çäginde 2025-nji ýylda Osakada geçiriljek «EKSPO – 2025» atly Bütindünýä sergisinde guraljak Türkmenistanyň milli pawilýonynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Ýaponiýanyň «EKSPO – 2025» atly Bütindünýä sergi birleşiginiň baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manasu öz çykyşynda häzirki wagtda «EKSPO – 2025» atly Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýändigini aýtdy. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynyň ähli düzgünlere we talaplara laýyk gelýändigini hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilýändigini belläp, ol 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň ilkinjileriň hatarynda milli pawilýon üçin bölünip berlen ýer bölegini alandygyny we öz wagtynda gurluşyk işlerine başlandygyny aýtdy.

Kiçi we orta telekeçileriň türkmen-ýapon işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Maslahatyň dowamynda türkmen we ýapon wekiliýetleriniň arasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Günüň dogýan ýurdunyň wekilleri nobatdaky türkmen-ýapon işewürlik maslahatyny geçirmek üçin türkmen paýtagtyna çagyryldy. Maslahatyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda ýapon tarapynyň ýolbaşçylaryna Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby sowgat berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026