HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aýda demir ýol peýda bolar

Mart 28, 2024 | 09:14 |8664
Northrop Grumman kompaniýasy Aýdaky demir ýol taslamasyny düzer.Northrop Grumman kompaniýasy Aýdaky demir ýol taslamasyny düzer.
Çeşme: techcult.ru

Northrop Grumman kompaniýasy Aýdaky demir ýol taslamasyny düzer.

Aýda demir ýol konsepsiýasyny döretmek baradaky şertnama Öňdebaryjy goranyş barlag taslamalary agentligi (DARPA) bilen baglaşyldy.

Bu taslama ýeriň hemrasynda düýpli gurluşyklaryň ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen «Aý binagärligi» (LunA-10) maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçiriler.

Aýda demir ýol gurmak zerurlygy iki sebäp bilen şertlendirilendir.

Birinji sebäp – mineral känleri ýa-da suw buzy ýaly obýektlaryň arasyndaky aralygyň uzak bolmagy. Aý pyýada ýörärden, onda-da ýükli ýörärden gaty ulydyr. Şoňa görä-de ony özleşdirmek üçin ýörüte ulag ulgamy gerek.

Ikinji sebäp has-da möhüm. Aýda atmosferanyň we çygyň ýokdygy sebäpli tozan palçyga öwrülmeýär we toprak guraklaşmaýar. Şunuň bilen baglylykda, ownujak çägeler galtaşýan her bir zada mehaniki täsir edýär. Tozanjyklar statiki elektron toguny toplamak bilen, töweregindäki her bir zada täsirini ýetirýär, şonuň netijesinde bolsa ýene-de has köp ownuk bölejikler peýda bolýar.

Tozan ähli zada siňip, islendik enjamy, şol sanda skafandyrlary ýuwaş-ýuwaşdan hatardan çykarýar. Şoňa görä-de, hereket edende tozan döretmeýän ulag gerek bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026