HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Baltimorda köpriniň ýykylmagy Hindistanyň kömür we nebit koksy bazarlaryna täsir etdi

Mart 28, 2024 | 10:36 |7787
Amerikanyň Baltimor şäherinde ýerleşýän Frensis Skott Ki awtoulag köprüsiniň ýük gämisiniň urulmagy sebäpli ýykylmagy Hindistanyň kömür we nebit koksy bazarlarynyň geljegine täsir edýär.Amerikanyň Baltimor şäherinde ýerleşýän Frensis Skott Ki awtoulag köprüsiniň ýük gämisiniň urulmagy sebäpli ýykylmagy Hindistanyň kömür we nebit koksy bazarlarynyň geljegine täsir edýär.
Çeşme: ria.ru

Amerikanyň Baltimor şäherinde ýerleşýän Frensis Skott Ki awtoulag köprüsiniň ýük gämisiniň urulmagy sebäpli ýykylmagy Hindistanyň kömür we nebit koksy bazarlarynyň geljegine täsir edýär.

Munuň özi hindi importçylary üçin üpjünçilik zynjyrynyň bozulmagy we kömrüň esasy eksport merkezi bolan Baltimor portunyň üsti bilen gämi gatnawlarynyň togtadylmagy sebäpli bahalaryň ýokarlanmagy baradaky aladalary döretdi.

Bu barada nebitiň, nebit önümleriniň, tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň nyrh görkezijilerini çap etmäge ýöriteleşen Amerikanyň «S&P Global Commodity Insights» habarlar agentligi habar berýär.

Baltimor portunyň üsti bilen gämi gatnawlarynyň togtadylmagyndan soň, Hindistana kömrüň durnukly ýerlenilmegini üpjün etmek üçin alternatiw ugurlary we logistika mehanizmlerini öwrenmeli bolar.

Käbir bazara gatnaşyjylar bu waka sebäpli bahalaryň gysga möhletli üýtgemegine garaşýarlar, beýlekiler bolsa deňiz ýolunyň tiz wagtda arassalanmagy bilen bahalaryň täsiriniň öňüni alyp bolar diýip pikir edýärler.

Şeýle-de bolsa, Hindistanyň gyzyklanma bildirýän taraplary energetika bazarlary üçin bolup biljek netijelere baha bermek üçin wakalaryň ösüşine ýakyndan gözegçilik edýärler.

Ýerli häkimiýetleriň habar bermegine görä, Patapsko derýasynyň üstünden geçýän Fransis Skott Ki awtoulag köprüsiniň ýykylmagy netijesinde birnäçe ulag, şol sanda tirkegli ýük awtoulagy suwa gaçdy.

Köprä Singapuryň baýdagy astynda ýüzýän 300 metrlik «Dali» konteýner gämisi uruldy. Gämi Baltimor portundan Kolombo (Şri-Lanka) tarap ugur alypdy, ol «Maersk» gämi gatnaw kompaniýasy tarapyndan ýük daşamak üçin kärendesine alnypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026