HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Microsoft Windows we Surface üçin täze ýolbaşçy belledi

Mart 28, 2024 | 09:27 |7294
Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny  we  Surface enjamlaryny işläp düzýän bölüminiň täze ýolbaşçysy wezipesine Madrasdaky Hindistanyň tehnologiýalar institutynyň uçurymy bellenildi.Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny  we  Surface enjamlaryny işläp düzýän bölüminiň täze ýolbaşçysy wezipesine Madrasdaky Hindistanyň tehnologiýalar institutynyň uçurymy bellenildi.
Çeşme: habr.com

Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny we Surface enjamlaryny işläp düzýän bölüminiň täze ýolbaşçysy wezipesine Madrasdaky Hindistanyň tehnologiýalar institutynyň uçurymy bellenildi.

Mundan öň Dawuluri Surface bölümine ýolbaşçylyk etdi.

Windows we Surface bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde Pawan Dawuluri Microsoft-yň wise prezidenti we Experiences and Devices bölüminiň ýolbaşçysy Rajeş Janyň garamagynda bolar.

Dawuluri Microsoft-da 23 ýyldan gowrak zähmet çekdi we Qualcomm hem-de AMD kompaniýalary bilen bilelikde Surface enjamlary üçin prosessorlary işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy.

Microsoft-yň Windows operasion ulgamyny işläp taýýarlamaga jogapkär bölüminiň ýolbaşçysyny çalyşmak çözgüdi geçen ýylda kompaniýanyň önümler boýunça direktory Panos Panaý Microsoft-dan gidenden soňra kabul edildi. Ol köp ýyllaryň dowamynda Windows-y we Surface enjamlaryny işläp taýýarlamak işine ýolbaşçylyk etdi.

Mundan soňra Surface enjamlaryny işläp taýýarlaýan bölüme Pawan Dawuluri, Windows we web serwisler bölümine bolsa Mihail Parahin ýolbaşçylyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026