HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçen ýylda Hytaýyň üç iri nebit kompaniýasy “gara altyny” çykarmakda rekord goýdular

Mart 28, 2024 | 09:24 |10860
Geçen ýylda Hytaýyň üç iri döwlet nebit kompaniýasy “gara altyny” çykarmakda rekord görkezijileri gazandylar.Geçen ýylda Hytaýyň üç iri döwlet nebit kompaniýasy “gara altyny” çykarmakda rekord görkezijileri gazandylar.
Çeşme: chinadaily.com.cn

Geçen ýylda Hytaýyň üç iri döwlet nebit kompaniýasy “gara altyny” çykarmakda rekord görkezijileri gazandylar.

2023-nji ýylda China National Petroleum Corp, ýa-da PetroChina 1,76 milliard barrel nebit çykardy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,4% köpdür.

China Petroleum and Chemical Corp, utgaşdyrylan energetika we himiýa kompaniýasy hem ýokary görkezijileri gazanmagy başardy. Kompaniýa 70,92 million tonna nebit çykardy, bu bolsa degişli döwür bilen deňeşdirilende 3,1% köpdür.

Öz gezeginde, Hytaýyň milli offşor nebit korporasiýasy (China National Offshore Oil Corp) geçen ýylda nebiti çykarmak şeýle hem onuň gorlary boýunça rekord goýdy. Kompaniýa tarapyndan çykarylan nebitiň we gazyň möçberi nebit ekwiwalentinde 678 million barrele deň bolup, ýyllyk 8,7% ösüş gazanyldy.

2023-nji ýylda kompaniýanyň önümçiliginiň ösüş depgini 7,6% deň boldy. Bu görkeziji boýunça ol pudakda birinji orny eýeledi.

Sinopec kompaniýasynyň Ykdysadyýet we ösüş ylmy-barlag institutynyň gözleg we barlag bölüminiň ýolbaşçysy Luo Szosýan nebiti we gazy çykarmakda gazanylan rekord görkezijileriň ýurdyň içinde nebit we gaz ýataklaryny gözlemäge gönükdirilýän maýa goýumlarynyň artdyrylmagynyň netijesidigini belledi.

Şeýle hem ol maýa goýumlaryny artdyrmak, hususan-da, suw çuňluklaryndaky nebit ýataklaryny özleşdirmäge gönükdirilýän maýa goýumlary artdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Gaýtadan dikeldilýän energetika pudagynyň çalt depginlerde ösdürilýändigi bilen baglylykda, Hytaýyň iri nebit kompaniýalary täze meýilnamalary işläp düzýärler we pes uglerodly energetika geçişi tizleşdirýärler.

PetroChina Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda we Hytaýyň demirgazygyndaky Içerki Mongoliýa awtonom etrabynda ýel we Gün energetikasy ulgamynda taslamalary işjeňleşdirýär. Hytaýyň milli offşor nebit korporasiýasy bolsa, deňizde ýel energetika platformalaryny gurýar we kenar fotoelektrik taslamalary durmuşa geçirýär.

Hytaýyň öňdebaryjy wodorod energetika kompaniýasy bolmagy maksat edinýän Sinopec ekologiýa taýdan arassa wodorody gaýtadan işlemäge we wodorod energetikasy ulgamynda iş alyp barmaga aýratyn üns berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026