HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple emeli intellektiň kömegi bilen uglerod galyndylaryny pese düşürmegi maksat edinýär

Mart 28, 2024 | 09:25 |10030
Apple kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa tehnologik kompaniýalarynyň biri bolmagy maksat edinýär.Apple kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa tehnologik kompaniýalarynyň biri bolmagy maksat edinýär.
Çeşme: 3dnews.ru

Apple kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli dünýäniň ekologiýa taýdan iň arassa tehnologik kompaniýalarynyň biri bolmagy maksat edinýär.

Bu maksada ýetmek üçin kompaniýa emeli intellekt ulgamyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanar.

Apple-iň baştutany Tim Kukyň aýtmagyna görä, emeli intellekt uglerod galyndylaryny 0 derejä çenli peseltmäge çalyşýan kompaniýalar üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Emeli intellekt her bir adamyň uglerod galyndylaryny hasaplamaga, şeýle hem olary gaýtadan işlemek üçin materiallary we usullary saýlamaga mümkinçilik berýär.

«Gowy önümleri öndürmek üçin bize daşky gurşawy goramak babatda garaýyşlarymyzy paýlaşýan hyzmatdaşlar gerek», — diýip, Tim Kuk aýtdy we BYD, Lens Technology we Shenzhen Everwin Precision Technology ýaly kompaniýalary aýratyn belledi.

«Uglerod taýdan neýtral» Apple Watch-yň döredilmegi Apple-iň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň biridir.

Şeýle hem kompaniýa ulanyşdan galan iPhone-lary sökmek we gaýtada işlemek üçin köp ýyllaryň dowamynda ýörüte robotlary ulanýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, şeýle robotlaryň ýeke biri ýylda 1,2 mln enjamy sökmäge ukyplydyr.

«Eger-de emeli intellekti ulanmadyk bolsak biz şeýle köp möçberdäki materialy gaýtadan işläp bilmezdik» — diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Pekindäki forumda eden çykyşynda belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026