HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransiýanyň Mezon-Laffit şäherinde guralan medeni çäre: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy

Mart 23, 2024 | 13:43 |13774
2024-nji ýylyň 21-nji martynda, Fransiýanyň «Atlar şäheri» hökmünde tanalýan we Fransiýanyň görnükli 21 sany «Imperial» şäheriň sanawyna girýän Mezon-Laffit şäherinde, beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.2024-nji ýylyň 21-nji martynda, Fransiýanyň «Atlar şäheri» hökmünde tanalýan we Fransiýanyň görnükli 21 sany «Imperial» şäheriň sanawyna girýän Mezon-Laffit şäherinde, beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda, Fransiýanyň «Atlar şäheri» hökmünde tanalýan we Fransiýanyň görnükli 21 sany «Imperial» şäheriň sanawyna girýän Mezon-Laffit şäherinde, beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

1.jpeg

Agzalan çärä Mezon-Laffit şäheriniň häkimi, jenap Žak Mýard, şäher geňeşiniň saýlanan agzalary bilen birlikde hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Şeýle hem oňa şäheriň ilaty, türkmen diasporasynyň wekilleri we Fransiýada türkmen medeniýetiniň wagyz edilmegine, ýurtlaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýan «Dessan» hem-de «Fransiýa-Türkmenistan» Assosiýasiýalarynyň agzalary gatnaşdylar.

2 (1).jpeg

Öz çykyşynda häkim Mýard geçen ýylyň sentýabrynda Mezon-Laffit bilen Arkadag şäherleriniň arasynda gol çekilen Dostluk Deklarasiýasynyň ähmiýetini we medeni çäreleriň halkara dialogyny güýçlendirmäge we jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmaga goşýan goşandyny nygtady.

3.jpg

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi M. Çaryýew öz gezeginde çärä gatnaşyjylara Magtymguly Pyragynyň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berdi hem-de onuň türkmen halky üçin gadyr-gymmatyny belledi we şahyryň eserlerinde beýan edilen pikirleriň we gymmatlyklaryň häzirki döwürde möhümligini nygtady.

4 (1).jpeg

Çäreniň maksatnamasy Arkadag şäheriniň aýdym-saz topary tarapyndan Magtymgulyň goşgularyna ýerine ýetirilen halk aýdymlaryny, fransuz artisti Teofil Şoke tarapyndan fransuz dilinde şahyryň goşgularynyň labyzly okalmagyny öz içine aldy. Şeýle hem çäräniň dowamynda milli mirasymyzyň görnüşleriniň, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň fransuz diline edilen terjimeleriniň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi guraldy. Bular myhmanlara Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen içgin tanyşmaga aýratyn mümkinçilik berdi.

5 (1).jpeg

Türkmen milli tagamlarynyň myhmanlara hödürlenilmegi maksatnama aýratyn goşant bolyp, gatnaşyjylara milli naharlaryň saýlama tagamlarynyň lezzetini bahalandyrmaga mümkinçilik berdi.

6 (1).jpeg

Türkmenistanyň Ilçisi Mezon-Laffit şäheriniň häkimine çäräni gurnamakda beren goldawy we kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi. Netijede bu çäre diňe şäheriň medeni durmuşynyň ýagty wakasy bolman, eýsem ol Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we üstünlikli medeni alyş-çalyşyň we özara hormatyň ösdürilmegine uly itergi berdi.

7 (1).jpeg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026
BMG: şäherler howanyň üýtgemegini we ýaşaýyş jaý meselelerini nazara alyp täzeden gurulmalydyr

BMG: şäherler howanyň üýtgemegini we ýaşaýyş jaý meselelerini nazara alyp täzeden gurulmalydyr

21:01 Awgust 05, 2026