Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň orunbasary iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi


Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Sişenbe güni ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow kabul etdi.
Taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginde guralýan özara saparlara we ýokary derejeli duşuşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy diýlip, habar berilýär.
Şeýle-de bu habarda duşuşykda ikitaraplaýyn söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýollarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilýär. Saud Arabystanyndan maýa goýum ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparyň işine hem aýratyn üns berildi.
ORIENT news





