HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-russiýa DIM-ara syýasy geňeşmeleri geçirildi

Mart 01, 2024 | 21:59 |6008
Anna güni, 1-nji martda Aşgabatda türkmen- russiýa syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin ýolbaşçylyk etdiler.Anna güni, 1-nji martda Aşgabatda türkmen- russiýa syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin ýolbaşçylyk etdiler.
Çeşme: orient.tm

Anna güni, 1-nji martda Aşgabatda türkmen- russiýa syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşinin ýolbaşçylyk etdiler.

Döwletara gepleşikleriň köp meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Strategiki häsiýetli ikitaraplaýyn dostlukly we özara ynanyşmak ugurly gatnaşyklaryň ösüş depgini bellendi.

Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamy boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygy hem-de ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn platformalarda täze howplara garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada TDIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan parahatçylykly daşary syýasata ýokary baha berdi we türkmen Bitaraplygynyň halkara derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde möhümdigini aýtdy.

Diplomatlar halkara we sebit syýasatynyň häzirki meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda sebitdäki howpsuzlyga, şol sanda Owganystanda parahatçylygy ösdürmek, ykdysadyýeti dikeltmek we syýasy durnuklylyk meselelerine üns berildi.

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026