HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen telekeçileri Täjigistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

Mart 01, 2024 | 12:54 |5764
Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Haýdar Rajapow bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Haýdar Rajapow bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy

Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Haýdar Rajapow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn türkmen-täjik özara hereketlerini has hem işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistany Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Bu ugurda, ýeňil senagaty, nebitgaz pudagy, azyk önümleri, şeýle-de agrosenagat toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegi üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýratyn bellenilip geçildi.

Täjik tarapy türkmen tarapynyň Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak boýunça başlangyçlaryny oňlamak bilen, bu ugurda dostlukly döwletiň onuň mümkin bolan tiz wagtda açylmagy hem-de işiniň doly gurnalmagy babatynda zerur bolan ýardamlary bermäge hemmetaraplaýyn taýýarlygyny mälim etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026