Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi


Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni, 20-nji fewralda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.
Diplomat döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy we Hindistanyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny ýetirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany Hindistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny beýan edip, çuňňur taryhy kökleri bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň depginli häsiýetini belläp geçdi. Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasy Türkmenistanyň Günorta Aziýadaky möhüm hyzmatdaşlaryndan biridir diýdi.
Döwletlerimiz söwda-ykdysady ugurda, şol sanda ýangyç, energetika we ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýär. Şol bir wagtyň özünde, ilkinji nobatda energetika we ulag pudagynda bu gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy, onuň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine, durmuş we senagat infrastrukturasynyň, täze iş orunlarynyň döredilmegine we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde goşant goşar.
Häzirki hyzmatdaşlygyň ugurlaryndan biri, saglygy goraýyş pudagy bolup, bu ýerde derman öndürýän hindi kompaniýalary bilen hem täsirli aragatnaşyklar ýola goýuldy.
Taraplar ynsanperwer dialogda möhüm orun tutýan ylym, bilim we medeniýet, medeni we ylmy alyş-çalyşlardaky gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ORIENT news








