HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hindistanyň iri derman önümçilik kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmak isleýär

Fewral 09, 2024 | 21:12 |5533
Hindistanyň derman önümçiligine ýöriteleşen iri "Sun Pharma" kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmak hem-de lukmançylyk enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany döretmek isleýär.Hindistanyň derman önümçiligine ýöriteleşen iri "Sun Pharma" kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmak hem-de lukmançylyk enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany döretmek isleýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasy

Hindistanyň derman önümçiligine ýöriteleşen iri "Sun Pharma" kompaniýasy Türkmenistanda şahamçasyny açmak hem-de lukmançylyk enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany döretmek isleýär. 9-njy fewralda "Sun Pharma" kompaniýasynyň Minsk şäherindäki edarasynda Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen geçirilen duşuşykda bu boýunça gepleşikler geçirildi.

Duşuşyk hindi tarapynyň başlangyjy boýunça, kompaniýanyň Belarusdaky edarasynyň wekili Naraýanar Subramoniýa Aýeriň gatnaşmagynda geçirildi. Taraplar hindi-türkmen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar.

!1.jpg

Hindistanyň derman önümçiligi kompaniýasynyň wekili "Sun Pharma-nyň" türkmen bazarynda ornuny berkitmek isleýändigini, munuň üçin saglygy goraýyşyň kardiologiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa, ginekologiýa, psihatriýa ýaly ugurlarynda peýdalanylýan lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşykda "Sun Pharma-nyň" Türkmenistandaky şahamaçasyny açmak we lukmançylyk enjamlaryny öndürýän bilelikdäki hindi-türkmen kärhanasyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

!2.jpg

Türkmen ilçisi hindi tarapyna daşary ýurt maýa goýumlary üçin Türkmenistanda döredilen amatly kanunçylyk binýadynyň ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde oňyn gurşawy döredýändigini aýtdy. Bu babatda anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen ilçisi Hindistanyň derman önümçilik kompaniýasynyň wekillerini Türkmenistana baryp görmäge çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026