HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň aýratynlygy mälim edildi

Fewral 09, 2024 | 21:03 |12583
2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Pariž şäherinde geçiriljek 33-nji Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medallary resmi taýdan tanyşdyryldy.2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Pariž şäherinde geçiriljek 33-nji Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medallary resmi taýdan tanyşdyryldy.
Çeşme: cnn.com

2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda Pariž şäherinde geçiriljek 33-nji Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medallary resmi taýdan tanyşdyryldy.

1896-njy ýylda Afinyda geçirilen ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlaryndan bäri gowşurylan, takmynan, 36,600 medaldan tapawutlylykda, Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynda ýeňiji bolanlara merkezi Fransiýanyň nyşany bolan Eýfel diňinden alnan altyburç demir bölegi bilen bezelen medallar gowşurylar.

Baýraklaryň dizaýny «Chaumet» fransuz şaý-sepler öýi tarapyndan ýörite Türgenler topary bilen bilelikde işlenip düzüldi.

«Pariž – 2024» oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň prezidenti Toni Estangeniň belleýşi ýaly, bu çözgüt medallary özboluşly etmek we tapawutlandyrmak maksady bilen kabul edildi. Şonuň üçin demir bölegi gymmat bahaly daş ýaly, medalyň merkezine berkidildi.

Näme üçin altyburçlyk? Fransuzlar öz ýurtlaryny «altyburçlyk» diýip atlandyrýarlar. Bu at ajaýyp landşaftlary we derýalary bolan ýurduň geografik taýdan adatdan daşary amatly ýerde ýerleşmeginden gelip çykýar, Fransiýa daglar, deňizler we umman bilen gurşalandyr.

Pariždäki Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda, Paralimpiýa oýunlary bolsa 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026