HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlady

Fewral 08, 2024 | 19:53 |7812
Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.
Çeşme: president.az

Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti, ses berişligiň netijeleri, azerbaýjan halkynyň döwletliligi we durmuş-ykdysady ösüşini berkitmäge gönükdirilen syýasy ugruna bolan ynamyň hem-de goldawyň ýokary derejesidigini belledi.

Azerbaýjanyň Lideriniň web sahypasynda çap edilen hatda "Bu möhüm wakanyň Azerbaýjan Respublikasynyň mundan beýläk-de ösmegine we raýatlarynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna goşant goşjakdygyna ynanýaryn" -diýilýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, Ilham Aliýewiň şahsy ünsi we ýurtlarymyzyň arasyndaky gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goldaw berenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany kärdeşine saglyk, bagt we ýurduň Baştutany hökmünde alyp barýan işlerinde üstünlik, Azerbaýjanyň dogan halkyna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026