MA-nyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda düzme ýazmak bäsleşigi yglan edildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziaýnyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda düzme ýazmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik ýokary okuw mekdebi öz resmi web sahypasynda habar berýär.
Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistr derejesinde okaýanlar hem gatnaşmaga çagyrylýar. Düzmäniň temasy: "Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti". Gatnaşmak boýunça ýüz tutmalar we hödürlenjek işler 15-nji aprele çenli hhkafedra@gmail.com elektron poçtasy arkaly kabul edilýär.
Döredijilik bäsleşigi bir tapgyrda geçiriler we bäsleşigiň netijeleri 1-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň web sahypasynda çap ediler. Ýeňijileri sylaglandyryş dabarasy 8-nji maýda institutda gibrid görnüşde geçiriler. Şeýle hem, bäsleşigiň ýeňijileriniň eserleriniň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-amaly žurnalda çap ediljekdigi habar berildi.
Gatnaşmak boýunça talaplar we tabşyryljak işleriň görnüşi baradaky maglumatlar çäräniň web sahypasynda elýeterlidir. Söz çägi: 1000 söz.
ORIENT news








