HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan dostluk kömegi hökmünde ugradylan suwuklandyrylan gaz Gyrgyzystana eltildi

Fewral 05, 2024 | 11:12 |11728
Özünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy jemleýän 58 wagondan ybarat demir ýol düzümi Bişkek şäherine getirildi.Özünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy jemleýän 58 wagondan ybarat demir ýol düzümi Bişkek şäherine getirildi.
Çeşme: vesti.kg

Özünde 2 müň tonna suwuklandyrylan gazy jemleýän 58 wagondan ybarat demir ýol düzümi Bişkek şäherine getirildi. Bu ýük dostluk kömegi hökmünde Türkmenistandan Gyrgyzystana ugradylypdy. Gymmatly ýangyç çig malyny Gyrgyzystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri garşyladylar diýip, “Vesti.kg” neşiri habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň energetika ministri Atabek Abylgazyýew iberilen ynsanperwerlik ýük üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Без названия.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Bişkek şäheriniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işinde dörän duýdansyz bökdençlik zerarly, "Türkmengaz" döwlet konsernine 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna ibermek bellenilipdi. Dostlukly ýurduň paýtagtynyň elektrik stansiýasynda bolan hadysa sebäpli 60 müň öý we durmuş maksatly desga elektrik energiýasyz galdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026