HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbek diplomatlary serhetüsti hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak boýunça Lebapda gepleşikleri geçirdi

Fewral 04, 2024 | 00:58 |8497
Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri özbek önümleriniň eksportynyň mukdaryny artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we serhetüsti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Lebap welaýatyna baryp gördüler.Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri özbek önümleriniň eksportynyň mukdaryny artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we serhetüsti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Lebap welaýatyna baryp gördüler.
Çeşme: dunyo.info

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri özbek önümleriniň eksportynyň mukdaryny artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we serhetüsti söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Lebap welaýatyna baryp gördüler.

Diplomatlar Lebapda ýerleşýän “Türkmen Yyldyzy”, “Altyn Burgut” we “Şir Yag” kärhanalaryna tanyşlyk saparlaryny amala aşyrdylar.

Kabel öndürmäge ýöriteleşen “Türkmen Yyldyzy” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşiklerde direktor Gurbannazar Rejepow Özbegistandan elektrik geçiriji alýumin simleri we “PVX” plastmassalary satyn alýandygyny we bu önümleriň importynyň mukdaryny hasam artdyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. “Dunyo” habar gullugynyň berýän habaryna görä, ol özbek hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlykda mis kabel önümçiligini guramagyň maksadalaýykdygyny belledi.

“Şir Yag” kärhanasynda geçirilen duşuşykda, türk maýa goýumlarynyň we tehnologiýalarynyň gatnaşmagynda döredilen bu bilelikdäki kärhananyň häzirki wagtda ýokary hilli awtoulag ýaglaryny öndürýändigi we bu önümleri Özbegistana amatly nyrhlar bilen üpjün etmek isleýändigi bellenildi.

Bu nukdaýnazardan, taraplar “Şir Yag” wekiliýetiniň ýokary hilli we arzan motor ýaglary bilen üpjün etmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Özbegistana saparyny guramak barada ylalaşdylar.

Pomidor ösdürip ýetişdirýän we Russiýa, Gazagystana we Gyrgyzystana eksport edýän “Altyn Burgut” kärhanasy bilen tanyşlyk döwründe direktor Begenç Çaryýew hem özbek kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler.

Gepleşikler netijeli boldy we onuň jemleri boýunça degişli deslapky ylalaşyklar gazanyldy. Bu barada "Dunyo" HA belleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026