HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Leningradyň gabawdaky günlerinde doglan ýaşaýjy aşgabatly mekdep okuwçylary bilen duşuşdy

Fewral 03, 2024 | 19:52 |6863
Leningrad şäheriniň gabawdaky günlerini başdan geçiren Galina Mämmedowa aşgabatly 6-njy synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirildi. Ol Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet öýünde geçirildi.Leningrad şäheriniň gabawdaky günlerini başdan geçiren Galina Mämmedowa aşgabatly 6-njy synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirildi. Ol Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet öýünde geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Leningrad şäheriniň gabawdaky günlerini başdan geçiren Galina Mämmedowa aşgabatly 6-njy synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirildi. Ol Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Medeniýet öýünde geçirildi. Bu çäre Leningrad şäheriniň faşistik basybalyjylaryň gabawyndan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlandy. Şeýle hem bu ýerde ýörite sergi guraldy.

1.jpg

Okuwçylara gabawdaky Leningradyň geçiren günleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Bellenişi ýaly, şol agyr günlerde ýaşaýjylara her gün bary-ýogy 125 gram çörek berlipdir. Şeýle hem bu ýere gelenler howa hüjüminiň duýdurylyşynyň, Ýuriý Lewitanyň şäheriň gabawdan azat edilendigini habar berýän ses ýazgylaryny diňlediler. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär.

Galina Alekseýewna heniz Leningrad gabawda wagty, ýagny 1943-nji ýylda doglupdyr. Ol okuwçylara Leningradyň duşman gabawyndan azat edilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli ýakynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen çärelere gatnaşandygy barada gürrüň berdi. Oňa şonda "Leningradyň faşistik basybalyjylarynyň gabawyndan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna" atly hormat nyşany hem gowşurylypdyr.

2 (edited).jpg

Okuwçylar duşman gabawynyny geçiren şäheriň agyr günleri barada birnäçe soraglary berdiler. Soňra uruş weterana Sankt-Peterburgyň Aleksandr Beglowyň gutlag haty gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda çagalar kompozitor Dmitriý Şostakowiçiň "Ýedinji" ("Leningrad") simfoniýasyny diňlediler.

3.jpg

Aşgabatda Leningradyň gabawdaky günlerini başyndan geçiren iki weteran ýaşaýar. Olar Galina Mämmedowa we Mariýa Awanýesowadyr. Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri şenbe güni Mariýa Awanýesowa "Leningradyň faşistik basybalyjylarynyň gabawyndan doly azat edilmeginiň 80 ýyllygyna" atly hormat nyşanyny we Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň gutlag hatyny gowşurdylar.

4 (edited).jpg

5 (edited).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026