HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Balkan welaýatynyň syrly täsinligi: Abu Bekir Şibli babanyň ýolundaky täsin hadysa

Ýanwar 31, 2024 | 12:43 |23863
Ýeriň dartylma güýji - hemişelik we üýtgewsiz hasaplanylýan fiziki kanunlaryň biridir. Ol Ýer ýüzünde bolup geçýän ähli tebigy hadysalara we janly-jandarlara degişlidir. Bu kanuna laýyklykda, çeşmeler, derýalar hem pesden beýige däl-de, beýikden pese akýandyrlar. Bu kanun hemme ýerde deň derejede ýörejek ýalydyr welin, Ýer ýüzünde fizikanyň kanunlaryna boýun egmeýän täsin ýerler hem bar. Şeýle ýerler alym Isaak Nýuton tarapyndan esaslandyrylan Ýeriň dartylma güýjüniň kanunyna ters gelýär.Ýeriň dartylma güýji - hemişelik we üýtgewsiz hasaplanylýan fiziki kanunlaryň biridir. Ol Ýer ýüzünde bolup geçýän ähli tebigy hadysalara we janly-jandarlara degişlidir. Bu kanuna laýyklykda, çeşmeler, derýalar hem pesden beýige däl-de, beýikden pese akýandyrlar. Bu kanun hemme ýerde deň derejede ýörejek ýalydyr welin, Ýer ýüzünde fizikanyň kanunlaryna boýun egmeýän täsin ýerler hem bar. Şeýle ýerler alym Isaak Nýuton tarapyndan esaslandyrylan Ýeriň dartylma güýjüniň kanunyna ters gelýär.
Çeşme: “TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy

Ýeriň dartylma güýji - hemişelik we üýtgewsiz hasaplanylýan fiziki kanunlaryň biridir. Ol Ýer ýüzünde bolup geçýän ähli tebigy hadysalara we janly-jandarlara degişlidir. Bu kanuna laýyklykda, çeşmeler, derýalar hem pesden beýige däl-de, beýikden pese akýandyrlar. Bu kanun hemme ýerde deň derejede ýörejek ýalydyr welin, Ýer ýüzünde fizikanyň kanunlaryna boýun egmeýän täsin ýerler hem bar. Şeýle ýerler alym Isaak Nýuton tarapyndan esaslandyrylan Ýeriň dartylma güýjüniň kanunyna ters gelýär.

Şeýle täsin ýerleriň biri Balkan welaýatynda, Magtymguly etrabyndan uzakda bolmadyk ýerde – Abu Bekir Şibli babanyň guburyna barýan ýolda ýerleşýär. Bu ýerde hereket adamyň kabul eden ýörelgelerine garşy gelýär – awtoulag beýikden aşaga gaýdyberjek ýalydyr welin, ol gaýtam pesden beýige öz-özi hereket edip başlaýar. Bu ýere suw guýsaň hem ol pese däl-de, beýige akýar. Ýerli ilat bu alamaty Abu Bekir Şibli babanyň gudratyndan nyşan diýip belleýärler.

“TRT” teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň döredijilik topary bu ýerde bolup geçýän täsin tebigy ýagdaýlary wideoýazgy etdi.

Your browser does not support HTML5 video.

Türkmenistandaky şunuň ýaly täsin ýerler dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem duş gelýär. Mysal hökmünde, Özbegistandaky Padang obasyny, Ermenistandaky Aragas dagynyň etegini, Günorta Koreýanyň Çeju adasyndaky ýoly, Moldawiýanyň Orheýa diýen ýerini, Kiprdäki Ýeriň dartylma kanunyna garşy ýoly görkezmek bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026