HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astanada geçiriljek Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna 107 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar

Ýanwar 26, 2024 | 21:19 |8128
Şu ýylyň 8 - 15-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary geçiriler. Oýunlary geçirmek boýunça taýýarlyk görmegiň direksiýasy onuň ähli meýilnamasyny tassyklady.Şu ýylyň 8 - 15-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary geçiriler. Oýunlary geçirmek boýunça taýýarlyk görmegiň direksiýasy onuň ähli meýilnamasyny tassyklady.
Çeşme: Associated Press Kyrgyzstan

Şu ýylyň 8 - 15-nji sentýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary geçiriler. Oýunlary geçirmek boýunça taýýarlyk görmegiň direksiýasy onuň ähli meýilnamasyny tassyklady. Bu barada "Astana Times" neşiri habar berýär.

Häzirki wagtda guramaçylyk topary Oýunlara gatnaşmaga isleg bildiren 107 ýurduň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýär.

Sportyň, medeniýetiň we ylmyň özara utgaşýan Çarwadarlar oýunlarynda sportuň 20 görnüşi boýunça medallaryň 110 toplumy ugrunda ýaryşlar guralar. Çarwadarlar oýunlarynyň çäklerinde at üstündäki milli oýunlar, göreş, ýaýdan ok atmak, aw etmek we sportuň intelletual görnüşleri boýunça türgenler özara bäsleşerler.

10 müň tomaşaça niýetlenen "Kazanat" at aýlawynyň ýanyndaky "Çarwadarlaryň dünýäsi" atly milli oba medeni çäreleriň geçirilýän esasy ýeri bolar. 5-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna 4 müňe golaý adam we 1 müňe golaý hem meýletinçi gatnaşar. Milli sport görnüşleriniň ýaryşlary mundan ozal, Gyrgyzystanda 3 gezek, Türkiýede 1 gezek geçirlipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026