HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýranyň Horasan-Rezawi sebitiniň häkimi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

Ýanwar 26, 2024 | 19:11 |7824
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazari bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazari bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Orient.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Ýakub Ali Nazari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynama eýe bolan häsiýetini belläp, onuň yzygiderli we depginli ösdürilmegine ýokary derejedäki gepleşikleriň täsir edýändigini nygtadylar.

Taraplar iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdiler. Bu babatynda Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda gol çekilen Ähtnama üns çekildi.

Duşuşykda Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň ozal gol çekilen resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýedigi hem bellenildi.

Mundan ozal, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrandygyny habar beripdik.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026