HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Halkara bilim güni mynasybetli ders olimpiadalary geçiriler

Ýanwar 25, 2024 | 16:42 |11970
Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça ders olimpiadalary geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» döwlet elektron neşiri habar berýär.Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça ders olimpiadalary geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» döwlet elektron neşiri habar berýär.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça ders olimpiadalary geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» döwlet elektron neşiri habar berýär.

Olimpiadalara gatnaşmak isleýän ýokary synp mekdep okuwçylary 20-nji marta çenli guramaçylyk toparynyň elektron poçta salgysyna (hgi.charetm@gmail.com) haýyşnamalaryny ugratmaly. Olimpiadalara çakylyk gatnaşyjylaryň görkezen elektron poçta salgylaryna 3-nji aprele çenli ugradylar.

Olimpiadalar onlaýn görnüşde iki tapgyrda: paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda apreliň dowamynda geçiriler. Olaryň geçiş tertibi, gatnaşmak üçin haýyşnamalary ýazmagyň nusgasy hem-de beýleki peýdaly maglumatlar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň www.iirmfa.edu.tm saýtynyň Bildirişler bölüminde ýerleşdirilendir.

Olimpiadalaryň I, II we III orunlaryna mynasyp bolan ýeňijileri we baýraklaryň eýeleri, şeýle hem bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezenler 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Ders olimpiadalary «Watanyň daýanjy – bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar» diýen şygar astynda geçiriler we Halkara bilim gününe bagyşlanýar. Bäsleşikler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralýar.

Ýatlatsak, her ýylyň 24-nji ýanwarynda bütin dünýäde Halkara bilim güni bellenilýär. Ol ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmakda bilimiň eýeleýän uly ornunyň hormatyna 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy

22:30 Awgust 27, 2026
Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

Sony kompaniýasy Xperia 10 VIII smartfonyny hödürledi

22:21 Awgust 27, 2026
«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

«Ýeňijiler milleti»: Tokaýew gazagystanlylarda optimizmi we özüne bolan ynamy terbiýelemäge çagyrdy

22:05 Awgust 27, 2026