HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýapon kompaniýasy türkmen telekeçilerine işewürlik hyzmatlaryny hödürledi

Ýanwar 23, 2024 | 23:48 |22840
Ýaponiýanyň “Gransol Inc” senagat konsaltinginde ýöriteleşen kompaniýasy, türkmen telekeçilerine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň önümçilik kompaniýalarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin işewürlik hyzmatlaryny hödürledi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu barada duşenbe güni, 22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Gransol Inc” we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.Ýaponiýanyň “Gransol Inc” senagat konsaltinginde ýöriteleşen kompaniýasy, türkmen telekeçilerine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň önümçilik kompaniýalarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin işewürlik hyzmatlaryny hödürledi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu barada duşenbe güni, 22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Gransol Inc” we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.
Çeşme: gransol.jp

Ýaponiýanyň “Gransol Inc” senagat konsaltinginde ýöriteleşen kompaniýasy, türkmen telekeçilerine Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň önümçilik kompaniýalarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin işewürlik hyzmatlaryny hödürledi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu barada duşenbe güni, 22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Gransol Inc” we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýardam bermekden ybarat bolan işewürlik hyzmaty iki ugurdan ybarat: işewür hyzmatdaşlary tapmak üçin Ýaponiýa baryp görmek we Ýaponiýadan potensial maýadar bolup biljek kompaniýalaryny işewürlikleriň iň geljegi uly görnüşleri bilen tanyşmak üçin Türkmenistana çagyrmak.

“Gransol Inc”-iň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna eden saparynyň ähmiýeti, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň 22-23-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň dowamynda ýurduň resmi işgärleri we işewür toparlarynyň wekilleri hem-de maliýe institutlary bilen bolan duşuşyklaryň dowamynda hem bellenildi.

“Gransol Inc”, müşderilerine bazar derňewi, strategiýany işläp düzmek, taslamany dolandyrmak, işgärleri saýlamak, dürli pudaklardaky okuwlar ýaly dürli hyzmatlary hödürleýär: himiýa, energiýa, maşyn gurluşygy, elektronika, oba hojalygy, ekologiýa, lukmançylyk we başgalar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026