HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“KazAID” Merkezi Aziýanyň hünärmenleri üçin bilermen maksatnamalaryny hödürleýär

Ýanwar 23, 2024 | 22:38 |6565
Gazagystanyň Halkara ösüş agentligi (“KazAID”) Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçihanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astanada  brifing geçirdi.Gazagystanyň Halkara ösüş agentligi (“KazAID”) Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçihanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astanada  brifing geçirdi.
Çeşme: gov.kz

Gazagystanyň Halkara ösüş agentligi (“KazAID”) Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçihanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Astanada brifing geçirdi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň diplomatlaryna “KazAID-iň” 2024-nji ýyldaky taslamalary barada maglumat berildi.

2.jpg

Brifingiň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet işgärleri üçin netijeli döwlet dolandyryşy we elektron dolandyryş meseleleri boýunça “Dostyk” maksatnamasyna aýratyn üns berildi. Maksatnamany şu ýylyň 1-nji aprelinden 5-nji apreline çenli Singapur Respublikasynyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilmek meýilleşdirilýär.

Ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa sebitiniň hünärmenleri diplomatiýa boýunça “Dostyk” we saglygy goraýyş işi boýunç a hem “Awisenna” atly maksatnamalara gatnaşyp bilerler. Bu taslamalaryň çäklerinde dürli okuwlar, bilermenleriň duşuşyklary we medeni çäreler geçiriler.

3.jpg

“KazAID-iň” maksatnamalary sebitde gazanylan öňdebaryjy tejribeleri alyşmak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenler jemgyýetleri bilen hökümet işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026