HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Taste Atlas” iýmän saklanyp bolmaýan türk süýjüliklerini mälim etdi

Ýanwar 24, 2024 | 16:28 |7994
Baý medeni mirasy we ýüzýyllyklara uzaýan däp-dessurlar türk aşhanasynyň dünýäde meşhur bolmagyna getiripdir. Bu süýjülikler barada aýdylanda hem şeýledir.Baý medeni mirasy we ýüzýyllyklara uzaýan däp-dessurlar türk aşhanasynyň dünýäde meşhur bolmagyna getiripdir. Bu süýjülikler barada aýdylanda hem şeýledir.
Çeşme: Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy

Baý medeni mirasy we ýüzýyllyklara uzaýan däp-dessurlar türk aşhanasynyň dünýäde meşhur bolmagyna getiripdir. Bu süýjülikler barada aýdylanda hem şeýledir. Köp sanly syýahatçylyk neşirleri dürli sanawlarda türk süýjüliklerini dünýäde iň naýbaşy hasaplaýarlar. Çünki, olar ýurduň arheologiýa we medeni hazynasy ýaly adamlaryň ýüreklerine ornaýar. Bu lezzetli nygmatlaryň içinden isle sen ýerli ýaşaýjy bol, isle ýurt gezip ýören jahankeşde bol, her bir adam özüne has ýaran tagamy tapýar. Türk süýjülikleriniň meşhurlygyny hasaba almak bilen, “Taste Atlas” neşiri olaryň birnäçesini “Dünýäniň iň gowy 100 süýjülik tagamy” sanawyna goşdy.

Dünýäniň mirasyna girizilen türk baklawasy

Iň meşhur türk süýjülikleriniň biri hem baklawadyr. Ol kagyz ýaly ýukajyk hamyr gatlaklarynyň arasyna owradylan hoz maňzy we şerbet goşulyp taýýarlanylýar. Baklawanyň gadymdan gelýän görnüşleri Gaziantepde has köpdür. Bu şäher özüni aşhana däpleri bilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilendir. Ýewropa Komissiýasy tarapyndan türk aşhanasynyň gaýtalanmajak tagamy hökmünde hasaba alnan Gaziantep baklawasy türk halkynyň gündelik iýmitiniň we baýramçylyk saçagynyň möhüm bölegini düzýär. Bu tagam umuman “baklawa” diýlip atlandyrylýan bolsa-da, onuň düzümine goşulýan zatlara laýyklykda dürli atlandyrylýan görnüşleri bar.

“Taste Atlasyň” sanawyna giren pisseli sarma hem düzüminde pisse maňzy bolan rulet görnüşde taýýarlanylan baklawanyň bir görnüşidir. Onda ýukajyk ýaýylan hamyryň ýüzüne gury we owradylan pisse maňyzlary ýazylýar. Umuman, Türkiýäniň baý mirasa eýediginiň ýene-de bir görkezijisi bolan baklawa dürli görnüşde taýýarlanylyp bilner.

“Taste Atlasyň” sanawyna girizilen ýene-de bir ajaýyp türk süýüjlikleriniň biri künefedir. Ol şeýle görnüşde taýýarlanylýar: eredilen we duzlanmadyk peýnir ýuka ýaýylan iki gat hamyryň arasynda goýulýar, şerbete batyrylýar we owradylan pisse maňyzlary sepilýär. Adatça künefe gaýnadylan görnüşde saçaga alynýar. Iň naýbaşy künefe tagamlary Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Anatoliýa ülkeleridir. Ankatýanyň künefesi, Hataýyň dünýä belli ila süýjüligi Ýewropa Bileleşiginde hasaba alnan geografiki gymmatlyk hökmünde goralyp saklanýar.

Däbe öwrülen miras: süýtli süýjülikler

Türkiýäniň süýtli süýjülikleri hem beýleki tagamlary ýaly örän lezzetli we uly islege eýedir. Fyryn sütlaç (bişirilen tüwi pudingi) – bu süýtden, tüwüden we şekerden taýýarlanylýan süýjülik bolup, ol otda gyzardylýar we maňyz owuntyklary sepilýär. Bu önüm ýurduň ähli ýerinde taýýarlanylýan bolsa-da, onuň iň gowy görnüşleri esasan süýt önümçiligine ýöriteleşen etraplara degişlidir.

Osmanly zamanasynda dörän kazandibi (karamelleşdirilen süýtli puding) özüniň ýakymly düzümi we gyzardylan daşy bilen tapawutlanýar. Kazandibi ýa-da “gazandüýbi” diýlip at berlen bu tagam özünde gowy bişirilen towuk-geksini (towuk döşüniň böleklere bölünen pudingi) jemleýär. Ol towuk döşi goşulmazdan, düzüminde süýt, mesge ýagy, un, şeker we krahmal bolan görnüşde hem taýýarlanylýar. Adatça bu süýjülik türk kofesi we çaýy bilen has lezzetli bolýar.

“Taste Atlasyň” sanawynda maraş doňdurmasy hem bar. Öýboluşly tagamy we taýýarlanyş usuly bilen tapwautlanýan bu süýjülik tagamy Türkiýäniň ähli ýerinde eý görülýär. Bu lezzetli tagamyň syry onuň düzümindedir: Kahramanmaraş düzlükleriniň otlaryny iýip ulalan geçi süýdi, orhideýanyň ýakymly ysy oňa aýratyn lezzet berýär.

Anatoliýanyň aşhana medeniýetini “Taste Atlasa” girizilen irmik halwasyny goşmazdan göz öňüne getirmek kyn. Ýarmadan, mesge ýagyndan, şekerden we kedr hozundan taýýarlanylan tagam her bir welaýatda sähelçe tapawutly taýýarlanylýar. Maraş doňdurmasy hem hut şu tagamyň gapdalynda has lezzetli bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026