Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby GDA-nyň Minsk şäherindäki ştab-kwartirasynda tanyşdyryldy


23-nji ýanwarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Minsk şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Russiýa Federasiýasynyň başlyklyk etmeginde agza döwletleriň Arkalaşykdaky hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Oňa GDA-nyň Baş sekretary we Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew, onuň orunbasarlary, şeýle hem Moskwadaky Ykdysady geňeşiň ýolbaşçylary sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Çäräniň gün tertibine ozal girizilen goşmaçalara laýyklykda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Arkalaşykdaky düzümleriniň ýanyndaky hemişelik wekili Nazarguly Işangulyýew tanyşdyryş çykyşy bilen gatnaşyjylara ýüzlendi.
Çykyşynyň başynda türmen ilçisi Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýän şu ýylyň baş şygarynyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylandygyny, bu senän dabaralndyrmak maksady bilen birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy.

Soňra Nazarguly Işangulyýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitaby bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Ilçi özüniň çykyşynda täze eseriň many-mazmuny we onuň ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly we watançylyk ruhunda terbiýelemek babatdaky ähmiýetini belledi.
Ilçiniň çykyşy Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň taýýarlan wideoroligi bilen utgaşdy.
ORIENT news








