HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen önüm öndürijileri halkara “Iran Expo” sergisine gatnaşmaga çagyryldy

Ýanwar 21, 2024 | 20:55 |5672
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: cci.gov.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bu edaranyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparlarynyň yzygiderli duşuşyklaryny geçirmek, serhetýaka sebitlerdäki telekeçileriň arasynda çäreleri, bilelikdäki sergileri we ýarmarkalary guramak barada pikir alyşdylar. Bu barada Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Eýranyň ilçisi, türkmen öndürijilerini “Iran Expo” halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

2-3.jpg

“Iran Expo”, kompaniýalara önümlerini eksport etmäge we täze bazarlary öwrenmäge kömek etmegi maksat edinýän halkara söwda çäresidir. Sergi kompaniýalara önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemek, hyzmatdaşlary we amatly bazarlary tapmaklary üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Bu ýyl sergi 27-nji aprelden 1-nji maý aralygynda Tähranyň halkara sergi merkezinde geçiriler. Eýranyň öňdebaryjy eksportçylaryndan we senagatçylaryndan başga-da, takmynan 70 ýurtdan 1000-den gowrak daşary ýurtly işewür bu çärä gatnaşar we gepleşikler guralar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026