HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň mejlisine taýýarlyk görülýär

Ýanwar 18, 2024 | 18:12 |6642
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi.Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri, şol sanda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim babatyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri, şeýle hem şertnama-hukuk resminamalarynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ilçi M.Aýazow 2024-nji ýylyň Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçjekdigi şeýle hem, Ilçihana tarapyndan türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-medeni çäreleriň birnäçesiniň geçirilmeginiň meýilleşdirýändigi barada habar berdi.

Şeýle hem duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üsütünde durlup geçildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026