HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maý aýynda Aşgabatda ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygy geçiriler

Ýanwar 20, 2024 | 03:26 |9011
Türkmen Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Daşary işler ministri şu ýylyň maý aýynda dünýä giňişliginde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen forumy geçirmegi teklip etdi.Türkmen Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Daşary işler ministri şu ýylyň maý aýynda dünýä giňişliginde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen forumy geçirmegi teklip etdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmen Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Daşary işler ministri şu ýylyň maý aýynda dünýä giňişliginde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen forumy geçirmegi teklip etdi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiniň çäklerinde has işjeň gatnaşyk saklamagyň maksadalaýykdygy barada aýdyldy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň wise-prezidentiniň we ÝHHG-niň Terrorçylyga garşy herket etmek boýunça komitetiniň başlygynyň şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri tassyklady we wise-premýer, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyna meýilleşdirilýän çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026