HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy: TOPH, täze howa menzili we beýleki taslamalar

Ýanwar 20, 2024 | 03:04 |49735
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.
Çeşme: orient.tm

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde "Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň" taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Onda göz öňünde tutulýan taslamalar barada wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow hasabat berdi.

2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda, hususanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde mälim edildi.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýändigini belläp, wise-premýere onuň taslamasyna ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026