BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin innowasion syýasat boýunça gollanmany çap etdi


BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy “SPEKA sebitindäki geçiji ykdysadyýetli ýurtlar üçin täze innowasion syýasat” atly täze gollanma neşirini çap etdi.
“Innowasiýalar ýa-da synagdan geçen täze başlangyçly ulgamy – BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşýan 7 ýurt, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibindäki wezipelere laýyklykda, durnukly ösüşe ýetmegi üçin möhümdir” diýlip, kitabyň girişinde bellenýär.
Soňky onýyllyklarda SPEKA ýurtlary bilimlere esaslanýan ykdysadyýete geçmegi işjeňleşdirmekde milli ykdysady-durmuş meselelerini çözmegiň guraly hökmünde innowasiýalary has ileri tutýarlar.
SPEKA ýurtlary döwlet düzümini dolandyrmagy we innowasiýalaryň çarçuwaly şertlerini güýçlendirmek bilen bir hatarda gözleg, bilim we telekeçilik syýasatlaryny, edaralaryny we olaryň işini özgertmek arkaly öz milli innowasiýa ekoulgamlaryny ösdürmek we pugtalandyrmak ugrunda tagalla edýärler.
Geçiş ykdysadyýetleri üçin täze innowasiýa syýasaty – bu geçiş ýurtlarynda innowasiýa we tehnologiki ösüşi öňe sürmäge gönükdirilen syýasatlaryň we strategiýalaryň toplumydyr. Syýasy çemeleşmeler esasan, şulary öz içine alýar:
salgyt ýeňillikleri we beýleki maliýe höweslendirmeleri arkaly ylmy-barlaglar we ösüş üçin hususy pudaga maýa goýumlary höweslendirmek;
işewürleriň, uniwersitetleriň we ylmy-barlag institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek üçin innowasiýa torlaryny we toparlaryny döretmek;
Innowasiýany we maýa goýumlaryny höweslendirmek üçin tehnologiýa geçiş gurallaryny işjeňleşdirmek.
Okuw-terbiýeçilik, bilim we maliýeleşdirmek elýeterliligini üpjün etmek arkaly telekeçiligi we başlangyç medeniýeti goldamak;
Işçi güýjüniň dünýä ykdysadyýetinde üstünlik gazanmaklary üçin olary zerur hünärleri we bilimleri öwretmekde täzeçil infrastruktura döretmek hem-de olara maýa goýmak.
Bu gollanma BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň SPEKA ýurtlaryny goldamakda nobatdaky işidir.
ORIENT news








