HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze dünýä tertibinde Ýewropa öz ornuny nädip saklap biler

Ýanwar 19, 2024 | 15:59 |14005
Dünýä tertibi düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Hytaýyň ornunyň barha artmagy, görlüp-eşidilmedik nebit we gaz akymlary, dünýä ykdysadyýetinde dollaryň ähmiýetiniň pese gaçmagy (dedollarizasiýa) we geosyýasy wakalaryň netijesinde täze bazarlaryň döremegi – bularyň ählisi kynçylyklary, şol bir wagtyň özünde hem täze mümkinçilikleri döredýär. Ýewropa dünýädäki täsirini dowam etdirmek üçin bu özgerişlere uýgunlaşmalydyr.Dünýä tertibi düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Hytaýyň ornunyň barha artmagy, görlüp-eşidilmedik nebit we gaz akymlary, dünýä ykdysadyýetinde dollaryň ähmiýetiniň pese gaçmagy (dedollarizasiýa) we geosyýasy wakalaryň netijesinde täze bazarlaryň döremegi – bularyň ählisi kynçylyklary, şol bir wagtyň özünde hem täze mümkinçilikleri döredýär. Ýewropa dünýädäki täsirini dowam etdirmek üçin bu özgerişlere uýgunlaşmalydyr.
Çeşme: Canva

Dünýä tertibi düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Hytaýyň ornunyň barha artmagy, görlüp-eşidilmedik nebit we gaz akymlary, dünýä ykdysadyýetinde dollaryň ähmiýetiniň pese gaçmagy (dedollarizasiýa) we geosyýasy wakalaryň netijesinde täze bazarlaryň döremegi – bularyň ählisi kynçylyklary, şol bir wagtyň özünde hem täze mümkinçilikleri döredýär. Ýewropa dünýädäki täsirini dowam etdirmek üçin bu özgerişlere uýgunlaşmalydyr.

Bu barada ykdysady analitik Osama Rizwi «Euronews» neşirine gürrüň berdi.

Dünýä tertibi näme?

Dünýäniň tertibi – bu häkimiýetiň ösüş derejesi, döwletleriň, halkara guramalaryň we beýleki ählumumy hadysalara gatnaşýan düzümleriň arasyndaky gatnaşyklaryň düzgünleri hem-de kadalarydyr. Ol ykdysady ulgamlar we düzgünler, howpsuzlyk çäreleri, diplomatiýa, medeni we ideologik garaýyşlar, häkimiýetiň paýlanyşy we halkara guramalary ýaly dürli aýratynlyklara eýedir.

Özgerýän dünýä tertibi – bu dünýäniň ýola goýlan tertibiniň üýtgemegidir. Ol dürli görnüşlerde, meselem, häkimiýetiň üýtgemegi arkaly özüni görkezýär. Beýleki görkezijiler hökmünde global krizisleri (COVID-19), tehnologiýa taýdan ýetilen sepgitleri (emeli aňyň kämilleşdirilmegi), söwda nusgalarynyň üýtgemegini (dollar däl walýutalar bilen söwda) we ş.m. mysal getirilip bilner.

Şeýle şertlerde Ýewropanyň käbir sebitler bilen gatnaşyklaryny täzeden guramaga üns bermegi we dünýä jemgyýetçiliginde öz ornuny saklap başarmagy örän möhümdir.

Ýewropa we Aziýa

Aziýa sebiti soňky onýyllyklarda okgunly ösüşi başdan geçirýär, bu bolsa onuň dünýä giňişliginde barha möhüm orny eýelemegine itergi berýär. Aziýada dünýäniň daşary söwda ätiýaçlyklarynyň agramly bölegi jemlenýär we ol dünýäniň iň iri ykdysadyýetleriniň birnäçesi üçin ygtybarly ýerdir. Onda dünýä ilatynyň 60 göterimi ýaşaýar, bu görkeziji Ýewropadakydan 10 esse köpdür. Iki sebitiň arasyndaky söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy ykdysady ösüşiň hem-de abadançylygyň esasy şertidir.

Ýewropa we BRIKS

Ýewropa üçin BRIKS guramasyna agza ýurtlaryň ösüşini göz öňünde tutup, bu hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak örän möhümdir. Pars aýlagynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk onuň energetika bazarynyň kuwwatyny artdyryp biler, Günorta Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlyk baý mineral serişdeleriniň üpjünçiligine giň ýol açyp biler, Hindistan bilen hyzmatdaşlyk bolsa Hytaýyň sebitdäki täsirini deňagramlaşdyrmaga mümkinçilik döredip biler.

Ýewropa we Hytaý

Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar çylşyrymly we gapma-garşylykly häsiýete eýedir. Bir tarapdan, iki sebit hem söwda, maýa goýumlar we innowasiýalar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Beýleki bir tarapdan, howpsuzlyk we söwda meselelerini öz içine alýan birnäçe düşünişmezlikler ýüze çykýar.

Hytaý Ýewropanyň özara gatnaşyklarda «has paýhasly we oýlanyşykly ony» eýelemegini umyt edýär. Eger ylalaşyk gazanylsa, Ýewropa halkara we sebit meselelerinde dürli garaýyşlaryň bardygyna garamazdan, Hytaýyň geosyýasatdaky, tehnologiýalar we ykdysadyýet ulgamlaryndaky täsirini deňagramlaşdyryp biler.

Ýewropa we Ýakyn Gündogar

Ýakyn Gündogar sebitinde ýagdaýlaryň üýtgäp durmagy we Hytaýyň barha artýan täsiri Ýewropanyň Pars aýlagynyň ýurtlarynyň bazarlaryna aralaşmagyna kynçylyk döredýär. Ýewropa özüniň energetika zerurlyklaryny kanagatlandyrmak, şol sanda arassa energiýa önümçiligini ýola goýmak üçin Müsür, Türkiýe we Iordaniýa ýaly söwda hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny berkitmek ugrunda has işjeň hereket etmelidir. Şeýle ýagdaýda Ýewropa özgerýän dünýä tertibiniň zarbasyna garşy durup biler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026