HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi

Ýanwar 17, 2024 | 22:23 |6915
Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanyna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we ÝB-niň Türkmenistan bilen dialogy giňeltmäge isleg bildirýändigini mälim etdi.Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanyna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we ÝB-niň Türkmenistan bilen dialogy giňeltmäge isleg bildirýändigini mälim etdi.
Çeşme: EEAS-ASHGABAT

Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanyna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we ÝB-niň Türkmenistan bilen dialogy giňeltmäge isleg bildirýändigini mälim etdi.

Serdar Berdimuhamedow ÝK-nyň wise-prezidentiniň Aşgabat şäherine saparynyň we türkmen kärdeşleri bilen geçirilen gepleşikleriň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky täze ugurlary we geljegi ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, “Merkezi Aziýada durnukly energetika gatnayşyklary”/SECCA, “Merkezi Aziýada oýlap tapyjy ýaşlar üçin dialog we hereket”/DARYA ýaly taslamalary öz içine alýan ÝB-niň sebitleýin taslamalarynyň birnäçesiniň, Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek Maksatnamasynyň/BOMCA 10, Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň öňüni alyş Maksatnamasynyň/CADAP üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi.

Şeýle-de, häzirki wagtda Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň köp pudaklarynda: nebit-gaz pudagynda, elektrik, gurluşyk, aragatnaşyk we kommunikasiýa pudagynda iş alyp balyp barýandygy bellendi.

Serdar Berdimuhamedow we Margaritis Şinas möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we şu nukdaýnazardan ýanwar aýynyň ahyrynda Brýusselde geçiriljek durnukly ulag boýunça “ÝB-MA” maýa goýum forumyna üns berildi.

Türkmenistan bu forumyň işine işjeň gatnaşmaga isleg bildirýär, sebäbi sebitleriň arasyndaky ulag we logistika täsiri Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga giň mümkinçilikleri açar we Merkezi Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesini multimodal, durnukly ýagdaýa öwürmäge mümkinçilik döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026
Türkmen mekdep okuwçylary Täjigistanda geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” forumynda milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrdylar

Türkmen mekdep okuwçylary Täjigistanda geçirilen “Arkalaşygyň çagalary” forumynda milli medeniýetimiz bilen tanyşdyrdylar

17:39 Iýun 26, 2026