Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna harby atlary berdi


Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow garaşsyzlygy we özygtyýarlylygy berkitmekde, ýurtda howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmekdäki goşan şahsy goşandyny göz öňünde tutup, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna harby atlary dakdy.
Degişli Permanlara Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 2023-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde gol çekildi.
Şeýlelik bilen, Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy podpolkownik Amanmuhammet Sazakowa polkownik derejesi berildi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýewe, milli howpsuzlyk ministri Nazar Atagaraýewe, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ýazgeldi Nuryýewe, içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa general-maýor derejesi bellenildi.
Adalat ministry, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Taganow 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesine eýe boldy.
Duşuşykda Serdar Mälikgulýewiň Baş prokuror wezipesinden boşadylandygy we Begmurat Muhamedowyň Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň başlygy wezipesine bellenendigi habar berildi.
ORIENT news








