HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan işewürlige degişli ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň 16 görnüşini ýatyrýar

Ýanwar 16, 2024 | 11:11 |7628
2024-nji ýylyň 1-nji martyndan Özbegistanda telekeçiligiň subýektleri üçin ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň 16 görnüşi ýatyrylar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bu çözgüdi işewürligi alyp barmagyň ýönekeýleşdirilmegine we administratiw päsgelçilikleriň azaldylmagyna gönükdirilendir.2024-nji ýylyň 1-nji martyndan Özbegistanda telekeçiligiň subýektleri üçin ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň 16 görnüşi ýatyrylar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bu çözgüdi işewürligi alyp barmagyň ýönekeýleşdirilmegine we administratiw päsgelçilikleriň azaldylmagyna gönükdirilendir.
Çeşme: Canva

2024-nji ýylyň 1-nji martyndan Özbegistanda telekeçiligiň subýektleri üçin ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň 16 görnüşi ýatyrylar. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň bu çözgüdi işewürligi alyp barmagyň ýönekeýleşdirilmegine we administratiw päsgelçilikleriň azaldylmagyna gönükdirilendir.

Bu barada «gazeta.uz» neşiri habar berýär.

Rugsatnamalaryň 7 görnüşi düýbünden ýatyrylýar, 8 görnüşli rugsatnama birleşdirilmek arkaly ýatyrylýar we ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň ýene 3 görnüşi habarnama görnüşine geçirilýär. Munuň özi olary almak üçin döwlet tarapyndan hasaba alynmagyň zerurlygynyň ýokdugyny aňladýar. Mysal üçin, indi syýahatçylyk agenti hökmünde ygtyýarnamasyz işlemek mümkin bolar. Mundan başga-da, ygtyýarnama we rugsatnama üçin ýüz tutýanlary wideo aragatnaşyk arkaly uzak aralykdan bahalandyrmaga rugsat berilýär.

Şeýle-de daşary ýurtlara syýahatçylygy amala aşyrmak üçin Howpsuz syýahatçylyk gaznasyna 15 müň dollar geçirmek talaby hem ýatyrylýar. Ýuridik şahslar bolsa indi özlerine degişli ulag serişdeleriniň tehniki gözden geçirişini ýerine ýetirjek ýeri öz isleglerine görä saýlap bilerler.

Ygtyýarnamalaryň we rugsatnamalaryň ýatyrylmagy telekeçilere köp mukdarda serişde tygşytlamaga mümkinçilik berer. Hökümetiň hasaplamalaryna görä, bu üýtgeşmeleriň netijesinde, ýylda jemi 350 milliard suma golaý serişde telekeçileriň ygtyýarynda galar.

Galyberse-de, şu ýyldan başlap, kepilnamalaryň we hasabat resminamalarynyň 34 görnüşi hem ýatyrylar. Munuň netijesinde 21 müňden gowrak telekeçi ýylda 500 million sum mukdarda serişde tygşytlap biler. Şol bir wagtyň özünde, Şawkat Mirziýoýew bitewi hasabat ulgamyny girizmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026