HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýanwar aýynyň ahyrynda türkmen-rus işewür gepleşikleri geçiriler

Ýanwar 12, 2024 | 21:04 |9478
30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.
Çeşme: orient.tm

30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.

Ikinji türkmen-rus işewürlik forumy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegi maksat edinýär. Şeýle bilelikdäki forumyň ilkinjisi geçen ýylyň başynda türkmen paýtagtynda geçirilipdi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada gelipdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-rus gatnaşyklarynyň iň möhüm bölegidir. Soňky döwürde energetika, ulag we senagat hyzmatdaşlygy ýaly pudaklarda gatnaşyklar has-da işjeňleşdi.

Däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn orun berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty bilen berk özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Geljegi uly türkmen bazaryna Russiýanyň Çelýabinsk, Orlowsk, Swerdlowsk ýaly oblastlar hem uly gyzyklanma bildirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026