HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýolbaşçysyna ynanç hatyny gowşurdy

Ýanwar 12, 2024 | 18:24 |9574
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Guramanyň degişli düzüminiň ýolbaşçysy Tatýana Walowa ynanç hatyny gowşurdy.Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Guramanyň degişli düzüminiň ýolbaşçysy Tatýana Walowa ynanç hatyny gowşurdy.
Çeşme: istockphoto.com

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Guramanyň degişli düzüminiň ýolbaşçysy Tatýana Walowa ynanç hatyny gowşurdy.

11-nji ýanwarda geçirilen duşuşykda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşiklerde Türkmenistanyň Guramanyň esasy gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, şeýle hem Türkmenistanyň dürli halkara meýdançalarynda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin ýakyn gatnaşyklary saklamak bilen bagly islegi beýan edildi.

BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlary barada netijeli pikir alşyldy we bilelikde durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde gatnaşyklary berkitmek we ýakyn wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi.

Şular bilen birlikde, beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyny bilelikde bellemek meseleler, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde ýaş nesliň ornuna bagyşlanan meseleler barada aýratyn bellenip geçildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026