HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Owganystan bilelikdäki demir ýol taslamasyny durmuşa geçirip başlar

Ýanwar 10, 2024 | 13:05 |33040
Owganystanyň demirýol müdirligi (ARA) bu edaranyň başlygy bilen Türkmenistanyň ilçisiniň arasynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki demir ýol taslamalaryny giňeltmek üçin beýleki tarapa ýer bermek barada Ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.Owganystanyň demirýol müdirligi (ARA) bu edaranyň başlygy bilen Türkmenistanyň ilçisiniň arasynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki demir ýol taslamalaryny giňeltmek üçin beýleki tarapa ýer bermek barada Ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.
Çeşme: ara.gov.af

Owganystanyň demirýol müdirligi (ARA) bu edaranyň başlygy bilen Türkmenistanyň ilçisiniň arasynda geçirilen duşuşykda bilelikdäki demir ýol taslamalaryny giňeltmek üçin beýleki tarapa ýer bermek barada Ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi.

“ARA”-nyň habaryna görä, “Taliban” hökümetiniň demirýol müdirliginiň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat, Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen bilelikdäki demir ýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin ýer bermek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Maglumatlara görä, Owganystanyň demir ýol müdirligi Türkmenistana “Hyrat-Turgundi” tranzit ýolunda örtükleriň we täze şahalaryň gurluşygy boýunça amaly işe başlamak üçin ýer berer.

Habarda iş ýerini kesgitlemek üçin Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatyna toparyň iberilendigi aýdylýar.

16-17-nji dekabr aralygynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy we degişli ýolbaşçylar bilen TOPH we TOP taslamalarynyň durmuşa geçiriliş ýagdaýy, şeýle hem Owganystanyň demir ýol infrastrukturasyny giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyratyň demirgazygyndaky Turgundi şäherine eden sapary wagtynda R.Meredow Owganystan-Türkmenistan demir ýolunyň gurluşygyna hem baryp gördi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026