HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Mary welaýatyndaky Ýylan ýatagynyň ikinji guýusy senagat gaz akymyny berdi

Ýanwar 11, 2024 | 20:30 |8144
Täze ýyl agşamynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň burawçylary Mary welaýatynyň Ýylan gaz ýatagyndaky №2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.Täze ýyl agşamynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň burawçylary Mary welaýatynyň Ýylan gaz ýatagyndaky №2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.
Çeşme: orient.tm

Täze ýyl agşamynda "Türkmengaz" döwlet konserniniň burawçylary Mary welaýatynyň Ýylan gaz ýatagyndaky №2 guýusyndan tebigy gazyň senagat akymyny aldylar.

Öň tassyklanan meýilnama laýyklykda hünärmenler üç täze gaz ýatagynyň - Şerepli, Kelleli, Ýylan guýularynda gözleg işlerini geçirdiler.

Ösüş we baha beriş guýulary boýunça geçirilen ýokary hilli barlaglaryň netijesinde tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Hususan-da, Yylan ýatagynyň 2-nji guýusynda, 2852–2856 metr çuňlukda, senagat ähmiýetli tebigy gazyň yzygiderli akymy hasaba alyndy.

Hünärmenleriň pikiriçe, bu guýudan her gün 820 müň kub metrden gowrak “mawy” ýangyç çykarylýar, esasy artykmaçlygy düzüminde wodorod sulfidiniň ýoklugydyr, bu bolsa gazdan öndürilen önümleriň ýokary girdejiligini aňladýar. Bu barada Nebit-gaz pudagynyň web çeşmesi habar berýär.

2023-nji ýylyň ýazynda Yylan ýatagynyň 1-nji önümçilik we baha beriş guýusy 2970 metr çuňlukdan tebigy gazyň senagat akymyny berdi. Onuň gündelik möçberi 991,6 müň kub metrdir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026