HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ajaýyp ýeňişler we täze ýyldyzlar: 400 sany ýaş küştçi Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda bäsleşdi

Ýanwar 11, 2024 | 00:35 |9916
7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaş derejelerinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky birinjilik tamamlandy.7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaş derejelerinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky birinjilik tamamlandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaş derejelerinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky birinjilik tamamlandy. 4 – 9-njy ýanwarda Aşgabatda geçirilen bäsleşige 400-den gowrak ýaş küştçi gatnaşdy. Bäsleşik ajaýyň ýeňişlere we gyzykly pursatlara baý boldy.

9 we 13 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň häzirki çempionlary Lebap welaýatyndan Dünýä Ruslanowa we Nebahat Myradowa mümkin bolan ähli 9 utugy toplap, ynamly ýeňiş gazandylar.

1 U15_Gurbanmyrat Rustemov.jpg

9 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda häzirki çempion Maksat Öwlýägulyýew (Lebap) mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk, 11 ýaşa çenlileriň arasynda çempion Alyhan Batyrow (Mary) 8,5 utuk, 15 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda çempion Gurbanmyrat Rüstemow (Lebap) 8,5 utuk gazanyp, özleriniň ussatlygyny ýene bir gezek subut etdiler.

Nobatdaky bäsleşikde 7 ýaşa çenlileriň arasynda birinjilik ugrunda ilkinji ýaryşlar geçirildi. Oglanlaryň arasynda birinji orny 100% netije görkezen aşgabatly mekdep okuwçysy Çaryhekim Çaryýew eýeledi. Gyzlaryň arasynda birinji orny Mary welaýatyndan mekdep okuwçysy Anna Çaryýewa mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplady.

2 G07_Anna Charyyeva.jpg

11 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçen ýyl wise-çempion bolan lebaply küştçi Aýa Baýramowa nobatdaky bäsleşikde oňyn ösüş görkezdi we mümkin bolan 9 utugyň 8-sini toplap garşydaşlaryna hiç hili mümkinçiliksiz birinji ýeri eýeledi.

17 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda häzirki çempionlar we öňdebaryjylar Sanjar Gaýbullaýew we Leýla Şöhradowa (ikisi-de Lebapdan) bu ady saklap bilmediler we sanawda bu gezek ikinji orun bilen oňmaly boldular. Bu gezekki çempionlar Serdar Baýramow we Gülmira Seýilhanowa (ikis-de Lebapdan) boldy.

13 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda hem güýçli göreşe garaşylýardy. Bu ýaş derejesinde Mary welaýatyndan ozalky çempion Rauf Ýusupow we başga-da birnäçe zehinli oglan birinjilik ugrunda bäsleşdi. Geçen ýyl kümüş medal gazanan aşgabatly küştçi Aly Ahmedow şu gezekki ýaryşda iň güýçli adyna eýe bolup, sport karýerasynda çempion diýen ada ilkinji gezek mynasyp boldy.

3.jpg

Ýaş derjesindäki beýleki oýunlara gatnaşan bäş türgeniň hersi 6,5 utuk gazandy. Netijede, iki baýragyň eýesi goşmaça görkezijiler bilen kesgitlendi we Tahyr Iminow ikinji, ozalky çempion Rauf Ýusupow hem 3-nji orny eýeledi.

15 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryş diýseň gyzgalaňly boldy. Onda altyn medala eýe boljak küştçi gyzy öňünden çaklamak ýeňil bolmady. Sebäbi, bu oýunda häzirki çempion Mähri Agamyradowa we ozalky ýyllardaky çempion Jahan Rejepowa bardy.

Aşgabat şäherinden mekdep okuwçysy Arzygül Muhamowa hem olaryň göreşine goşuldy. Netijede, gatnaşyjylaryň üçüsi hem mümkin bolan 9 utugyň 8-sini toplady we iň ýakyn görkezijili bäsdeşlerinden 3 utuk öňe saýlandylar. Goşmaça görkezijilere görä, Arzygül birinji, Jahan ikinji, Mähri hem üçünji orny eýeledi.

Umumy medal sanawynda Lebap welaýatynyň küştçüleri 20 medal gazanyp, üstünlikli çykyş etdiler. Şolaryň 7-si altyn medallardyr. Ikinji orny aşgabatly (10 medalyň 3-si altyn) we maryly (6 medalyň 2-si altyn) ýaş küştçüler eýelediler.

12 ýaş derjesinde geçirilen küş ýaryşyna Türkmenistanyň ähli künjeginden 400-den gowrak ýaş küştçi gatnaşdy. Ýeňiji bolanlar dünýä we we Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk aldylar. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Tailan Patyşalygynda küşt boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Bäsleşigiň netijeleri şu salgyda elýeterlidir.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň we olaryň ene-atalarynyň pikiriçe, halkara çempionatlarynda öz ýurduna wekilçilik etmek mümkinçiligi çagalary örän höweslendirýär. 2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň ýaş küştçüleri dürli halkara ýaryşlarynyň 9-syna gatnaşyp, jemi 11 medal gazandylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026