HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Türkmenistanyň raýatlaryna okuw wizalary bermegiň tertibine üýtgeşme girizdi

Ýanwar 08, 2024 | 17:53 |22814
Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar bermegine görä 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Belarusda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi.Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar bermegine görä 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Belarusda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi.
Çeşme: education.gov.tm

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar bermegine görä 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Belarusda okamak isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin okuw wizalaryny bermegiň täze tertibi güýje girdi.

Indi Belarusyň uniwersitetlerine okuwa gidýän Türkmenistanyň raýatlary (dalaşgärler) Belarusyň Salgyt kodeksine laýyklykda wiza üçin konsullyk tölegini tölärler.

Şol bir wagtyň özünde, Belarusda eýýäm okaýan türkmenistanly talyplar we Belarus uniwersitetlerine bellenen seneden ozal kabul edilen raýatlar uniwersitetiň statusyny tassyklaýan şahadatnama görkezilenden soň mugt okuw wizalaryny almagy dowam ederler.

«Mugt okuw wizalary daşary ýurt raýatynyň talypdygyny tassyklaýan bilim edarasynyň şahadatnamasynyň asyl nusgasyny ýa-da ýokary okuw mekdebiniň resmi haty (möhleti üç aýdan geçmedik) iberlensoň berilýär» diýlip ilçihananyň habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal uniwersitetlerde ýokary bilim almak maksady bilen Belarusa girýän Türkmenistanyň ähli raýatlaryndan «okuw» kategoriýasyndaky wiza üçin konsullyk tölegleri alynmaýardy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026