HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ulag ýangyjy iň arzan 8-nji ýurt boldy

Ýanwar 05, 2024 | 23:51 |10044
Ýurduň awtoulag eýeleriniň sarp edýän ýangyjynyň bahasy ($0,428) dünýädäki ortaça bahadan hem 3 esse arzandyr.Ýurduň awtoulag eýeleriniň sarp edýän ýangyjynyň bahasy ($0,428) dünýädäki ortaça bahadan hem 3 esse arzandyr.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan awtoulag ýangyjy iň arzan ýurtlaryň sanawynda 8-nji orny eýeledi. Ýurduň awtoulag eýeleriniň sarp edýän ýangyjynyň bahasy ($0,428) dünýädäki ortaça bahadan hem 3 esse arzandyr. Bu barada "GlobalPetrolPrices" neşiriniň ýanwar aýynyň başynda çykaran hasabatynda mälim edilýär.

Bütin dünýäde benziniň 1 litriniň ortaça bahasy 1,30 dollara deňdir. Dürli ýurtlarda benziniň bahasynda düýpli tapawutlar göze ilýär. Neşiriň bellemegine görä, adatça has ösen ýurtlarda benziniň bahasy has ýokary, garyp döwletlerde we nebit öndürýän hem-de eksport edýän ýurtlarda onuň bahasy pes bolýar. Bu ýagdaýlara seretmezden, ykdysady taýdan ösen ýurt bolan ABŞ-da benziniň bahasy $ 0.911 deňdir.

Dürli ýurtlarda benziniň nyrh tapawudy dürli salgytlar we ilata berilýän ýeňillikler bilen baglanyşyklydyr. Habarda halkara bazarlarynda ähli ýurtlaryň nebitiň birmeňzeş bahasyna elýeterlidigi, ýöne her bir ýurduň dürli salgytlary girizýändigi bellenilýär. Munuň netijesinde bolsa, her bir ýurtda ilatyň sarp edýän ulag ýangyjynyň bahasy hem tapawutly bolýar.

Barlagçylaryň hasaplaryna görä, iň arzan benzin häzirki wagtda Eýranda ($ 0.029) satylýar. Ondan soň iň arzan benzin satylýan ýurtlaryň sanawynda Liwiýa, Wenesuela, Alžir, Kuweýt, Angola we Müsür döwletleri gelýär. . Türkmenistanlylar benziniň 1 litri üçin 0,428 dollar töleýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026