HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistana bir aýyň içinde iki "Boeing" uçary getirildi

Ýanwar 05, 2024 | 18:14 |6787
Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy.Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy.
Çeşme: turkmenistanairlines.tm

Türkmenistan raýat awiasiýasyny ösdürmek bilen bagly 2030-njy ýyla çenli kabul eden milli maksatnamasyna laýyklykda bu pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistanyň awiasiýa parkyna raýat gatnawlaryna niýetlenen "Boeing 777-300" kysymly uçaryň nobatdakysy gelip gowuşdy. Bu barada "Türkmenhowaýollary" agentligi habar berýär.

Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda soňky bir aýda Türkmenistana getirilen uçarlaryň ikinjisidir. Şeýle ýolagçy uçaryň ilkinjisi geçen ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabadyň Halkara howa menziline gonupdy.

Bi wagtda 368 ýolagça niýetlenen bu uçar özüniň ýokary amatlylygy we rahatlygy bilen tapawutlanýar. Uçaryň umumy orun sanynyň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom, 296-sy bolsa ekonom klaslara degişlidir.

"Boeing 777-300" kysymly uçaryň "GE90-115BL2" görnüşli iki hereketlendirijisi bolup, ol gonmasyz şol bir wagtda 40 tonna ýük goşlaryny almak bilen birlikde 11 müň 390 kilometri geçip bilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026