Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmek Gazagystana geçirildi


2024-nji ýylda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda (AHHG) başlyklyk etmek Gazagystan Respublikasyna geçirildi. Geljek 3 ýylyň dowamynda Gazagystan bu gaznada başlyklyk eder. Ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2026-njy ýylyň ahyryna çenli AHHG-niň ýolbaşçysy saýlandy.
Gazagystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany birleşdirýän Araly halas etmegiň halkara gaznasy Aral deňzini halas etmek we sebitdäki ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki döwletara ekologiýa, ylmy-amaly maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle-de umumy durmuş we daşky gurşaw meselelerini çözmek babatda işleri durmuşa geçirýär.
“Biz Merkezi Aziýa döwletleri we beýleki halkara guramalary we maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýäris. Şu ýyl Bütindünýä Banky bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Demirgazyk Aral deňzini gorap saklamak boýunça taslamanyň ikinji tapgyryna badalga bermegi meýilleşdirýäris. Araly halas etmegiň diňe AHHG-ni esaslandyryjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary arkaly amala aşyrylyp bilinjek möhüm wezipedir. Öňümizdäki 3 ýylda bu ugurda möhüm netijeleri gazanmagy meýilleşdirýäris"-diýip, Gazagystan Respublikasynyň suw serişdeleri we suw üpjünçilik ministri Nuržan Nuržigitow belledi.
ORIENT news








