HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Emeli intellekt Mekkä haj parzyna gelýänleri ugrukdyrmakda giňden peýdalanylar

Ýanwar 04, 2024 | 00:19 |7212
Saud Arabystanynyň iki mukaddes metjidiniň işleri boýunça baş edarasy Uly metjide gelýänlere we zyýaratçylara ýol görkeziji we maslahat beriş hyzmatlaryny hödürlemek üçin emeli intellektli (AI) we birnäçe sanly tehnologiýalary ornaşdyrdy.Saud Arabystanynyň iki mukaddes metjidiniň işleri boýunça baş edarasy Uly metjide gelýänlere we zyýaratçylara ýol görkeziji we maslahat beriş hyzmatlaryny hödürlemek üçin emeli intellektli (AI) we birnäçe sanly tehnologiýalary ornaşdyrdy.
Çeşme: gulfnews.com

Saud Arabystanynyň iki mukaddes metjidiniň işleri boýunça baş edarasy Uly metjide gelýänlere we zyýaratçylara ýol görkeziji we maslahat beriş hyzmatlaryny hödürlemek üçin emeli intellektli (AI) we birnäçe sanly tehnologiýalary ornaşdyrdy. Bu barada Saud Arabystanynyň metbugat agentligi (SPA) habar berdi.

Umumy meýdany 279 inedördül metre barabar bolan Uly metjidiň içinde we daşynda 52 ekran ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen zyýaratçylara zerur bolan gollanmalar elýeterli edilýär.

Ýörite topar gollanmalaryň mazmunyny aýratyn ýagdaýlara görä saýlaýar we birnäçe dile geçirip berýär. Gije-gündizleýin işleýän ekranlar girelgelerde, çykyşlarda, howlularda we Uly metjide barýan ýollarda oturdyldy.

Mundan başga-da, emeli intellekti ulanyp, Uly metjidiň içindäki zyýaratçylara kömek etmek üçin döredilen “robot gollanmasy” hem taýýarlanyldy.

Bu interaktiw robot ulanyjylara jübi telefonlary arkaly girmäge we paýlaşmaga mümkinçilik berýän maglumat beriji we ugrukdyryjy mazmuny özünde jemleýär diýip, “Gulf Today” neşiri habar berýär.

Robot arap, iňlis, fransuz, rus we hytaý ýaly jemi 11 dilde Uly metjide gelýänleri ugrukdyrýar.

Bu robot hereket akymlarynyň haýsy ugra has işjeňdigini göz öňünde tutup, 4 tigriniň üstünde hereketlenýär. Onda intellektual duralga ulgamy hem ornaşdyrylandyr. Ol öňde we yzda oturdylan kameralary arkaly töweregi ýazgy hem edýär.

5GHz möçberdäki ýokary tizlikli “Wi-Fi” ulgamynda işleýän robot, çalt we peýdaly maglumatlary zyýaratçylara hödürleýär we zyýaratyň netijeli bolmagyna täsir edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026