HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG 2026 – 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip atlandyrdy

Ýanwar 03, 2024 | 21:55 |12699
Bu Kararnamalar BMG-niň 6 resmi – iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde ýaýradyldy.Bu Kararnamalar BMG-niň 6 resmi – iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde ýaýradyldy.
Çeşme: news.un.org

Iki hepde mundan ozal, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ulag we energetika boýunça iki sany Kararnamany kabul etdi.

Bu Kararnamalar BMG-niň 6 resmi – iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde ýaýradyldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berýär.

“Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek” atly Kararnama dünýäniň 47 döwleti awtordaş bolup çykyş etdi. “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamany bolsa, 38 döwlet goldap, awtordaşlyk etdi.

Ulag boýunça Kararnama

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça halkara resminama 2026 – 2035-nji ýyllary Durnukly ulagyň onýyllygy diýip yglan edýär. Kararnamanyň awtordaşlary Durnukly ulag boýunça BMG-niň 3-nji Ählumumy maslahatyny çagyrmak meselesine seretmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrýarlar.

Resminama laýyklykda, esasy çäreleri şu ýylyň 24-nji noýabrynda bellenjek Bütindünýä durnukly ulag gününe gabatlap, Türkmenistanda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Energetika boýunça Kararnama

Ikinji Kararnama dünýä ykdysadyýetiniň ýüzbe-ýüz bolýan energiýa töwekgelçiliklerini ýeňip geçmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Hususanda, bu resminama energiýa serişdelerini serhetüsti iberilişiniň durnuklylygy we ygtybarlygyny üpjün etmäge çagyrýar.

Şeýle hem hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we häzirki zaman energetika serişdeleri üpjün etmekde hemmetaraplaýyn Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin 2026-njy ýylda Türkmenistanda “Hemmeler üçin durnukly energetika” atly 7-nji maslahaty geçirmek teklip edilýär. Bu Kararnama şu ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş sekretarynyň energetika meseleleri üns merkezinde bolan nobatdaky hasabatyny taýýarlamagy teklip edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026